Hususy awiasiýa VIP-müşderiler üçin döredilendir. Ol bazaryň özboluşlylygy, diňe bir kaşaňlyga we rahatlyga öwrenişenlere, maksada tiz ýetmäge, üýtgewsiz şowly netijelere, elmydama kämilligiň gözleginde bolýan elit-klassdyr. Şahsy uçuşlar gündeki wajyplyk bolup durýar, sebäbi bu syýahatçylar olaryň oýna girizen kadalaryna bütin dünýäniň uýgunlaşjakdygyny bilýärler.

AVIAV TM (Cofrance SARL) hususy awiasiýanyň halkara merkezi VIP-müşderiler bilen 2007-nji ýyldan bäri işleşýär. Biz siziň ýörelgäňiz bilen tanyş: ol doly erkinlik we garaşsyzlyk. Biz bilen hyzmatdaşlyk edip siz hödürlenen görnüşlerden saýlamaýarsyňyz, siz öz islegleriňizi aýdýarsyňyz, biz olary durmuşa geçirýäris.

Uçaryň çalasyn buýrulyşy

Hususy reýs gerekmi? Ony AVIAV TM-da belläň! Habar edilmeli maglumatlar:

  • ugur,
  • syýahatçylaryň sany,
  • ugraljak sene we wagt,
  • gaýdyp gelinjek sene we wagt,
  • uçaryň görnüşi,
  • bortuň reňki,
  • ýüküň takmynan agramy we aýratynlyklary.

Siz arzaňyzy biziň internet sahypamyzda ýerleşdirip ýa-da menejerimiz bilen habarlaşyp bilersiňiz. “Habarlaşmak üçin” bölüminde öz ýurduňyzyň göni belgisini tapyň we kompaniýanyň wekili bilen öz ene diliňizde gürleşiň.

Ähli durmuş ýagdaýlary üçin jetler

Biz siziň  maksatlaryňyz üçin hususy uçarlary hödürleýäris. Müşderiniň islegine görä biz içki bezegi uçuşyň tematikasy bilen baglylykda taýýarlarys:

  • iş reýsi,
  • işgärleriň sapary,
  • iş ýygnagy,
  • toý dabarasy,
  • maşgala syýahaty,
  • bulutlaryň üstünde baýramçylyk.

Uçuşda adybelli restorandan günortanlyk ýa-da agşamlyk hödürlenilýär. Dünýäniň islendik tagamy siziň hyzmatyňyzda, size diňe menýuny kesgitlemek we eksklýuziw içgileri saýlamak galýar. Ajaýyp taýýarlanan stol, hakyky güller, siziň halaýan sazyňyz – siz özüňizi rahat duýarsyňyz we uçuşyň dowamynda örän oňat dynç alarsyňyz.

Howa menziline sizi kaşaň limuzin ýa-da biznes-klassyň rahat awtoulagy alyp gider. Biziň müşderilerimiz “açary bilen” hyzmaty saýlap alanlarynda AVIAV TM (Cofrance SARL) syýahatyň ähli gurnalşyny öz boýnuna alýar. Size ýükleri kim alyp gider ýa-da howa menzilinde kim öňümden çykarka diýip pikirlenmegiň geregi ýok. Siz bize diňe haçan, nirede we kim bilen bolmalydygyňyzy habar ediň, galanyny biz ýerine ýetireris!

Näme sebäpden VIP-müşderiler hususy awiasiýany saýlaýarlar

  1. Hususy uçarlar adaty awiakompaniýalara garaşsyz uçýarlar, olary hemişe öňe geçirýärler.
  2. Müşderiler petek satyn almak üçin wagtlaryny sarp etmeýärler, ähli ýolagçylar üçin kireýine almak 20 minutdan köp wagtyňyzy almaz.
  3. Howa menzilindäki formallyklar mümkin boldugyça azaldylýar: barlagdan geçmek 5 minudyňyzy alar.
  4. Ýolagçylar üçin aýratyn garaşylýan VIP-zaly bar: rahat kürsi, ajaýyp kofe we borta hoş geldiňiz!
  5. Uçara çenli ýörite awtoulag alyp gider.
  6. Ýüküň gaplanmasyna we ýerleşdirilmesine Cofrance SARL tarapyndan ýörite bellenen jogapkär adam gözegçilik eder.
  7. Siz borta islän zadyňyzy alyp bilersiňiz: çakyr, göwher, howa ballony, söýgüli pudel, erik agajy – biziň müşderilerimize çäklendirmeler ýok.
  8. Bortda siziň göwnüňiziň islän zatlary bolar: ýatylýan otag, hammam, uly ekran, internet otagy, suwa düşülýän otag, älem giňişligine çykyp bolýan gapy… Esasy zat AVIAV TM menejerine syýahatda gerek boljak ähli zatlar barada habar beriň.
  9. Uçuşda siziň hyzmatyňyzda diňe bir stýuardessa däl, eýsem, eneke, iş kömekçi, terbiýeçi, lukman, ýolbelet, tälimçi hem bolar – biz gerekli hünärmen bilen üpjün ederis.
  10. Müşderiniň islegi boýunça syýahatyň dowamynda janpenalar bolar.
  11. Sizi gonuş howa menzilinde garşy alyp, saýlan myhmanhanaňyza ýa-da hususy jaýyňyza alyp giderler.
  12. Müşderiniň islegi boýunça Cofrance SARL ýaşaýyş jaýyny kireýine almaga ýa-da myhmanhanada otag bronlamaga kömek eder. Barmaly ýeriňizde konsýerž hyzmaty hödürleniler we gerekli zatlar geçirileli çäreler gurnalar.

Islendik reýs resminamalary taýýarlamaklygy talap edýär:

  • Wiza,
  • Lukmançylyk ätiýaçlandyryşlary,
  • Çagalar üçin pasportlar,
  • Gümrükhana beýannamalary,
  • Haýwanlar üçin kepilnamalar,
  • Gymmatlyklar üçin şahadatnamalar,
  • Reýse rugsatnama we beýlekiler.

AVIAV TM (Cofrance SARL) hünärmenleri ähli kynçylyklary öz üstlerine alýarlar, müşderilere kagyzlar bilen işleşmek wajyplygy bolmaz.

Býudjet (amatly) reýsleri

Müşderileriň hususy uçarlary diňe uçuş üçin kireýine alýan ýagdaýlary az däl. Olar howa gämisini diňe ulag serişdesi hökmünde kabul edýärler. AVIAV TM kompaniýasy hususy reýsleriň şol sanda Empty Legs ulgamy boýunça býudjet görnüşlerini hödürlär.

Gerekli däl goşmaça hyzmatlary aýryp, bortuň sada bezegini saýlap, uçuşyň dowamynda birnäçe sagatlap dynç alyp bilersiňiz. Bu görnüş gysga uçuşlara, işgärleri sapara ugratmaga ýa-da tygşytly hereket edýänler üçindir. Biz müşderileriň aladasyna düşünýäris.

Uçuşlaryň howpsuzlygy

Uçaryň her bir ýolagçysyny ilki bilen howpsuzlyk meselesi howsalandyrýar. AVIAV TM (Cofrance SARL) 5 ýyl bäri uçuşlarynyň howpsuzlygy boýunça ilkinjiligi saklaýan Wyvern Ltd halkara guramasynyň agzasydyr. Ondan başga-da biz 6 ýylyň dowamynda ARGUS International-da köptapgyrly auditor barlaglaryndan geçýäris, bu bolsa biziň müşderilerimiziň ynamyny artdyryp olarda bize ýüz tutmana bolan höwes döredýär.

Avinode – halkara çarter ulgamy biziň ýene bir hyzmatdaşymyz, ol uçuşlaryň hukuk kadalaryny berk berjaý edýär. EBAA (Ýewropanyň işewürlik awiasiýasy assosiasiýasy) we NBAA (Milli işewürlik awiasiýasy assosiasiýasy) halkara uçuş assosiasiýasynyň agzalygynda bolmak kompaniýanyň abraýyny ýokarlandyryp, ony dünýä bazarynyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen bir hatarda goýýar.

Her bir uçar uçuşdan öň barlaglardan geçýär. Hususy eýeler olaryň ýagdaýynyň gowy bolmagy barada alada edýärler. Uçuş topary her ýyl hünär taýýarlygyny tassykladýar. 12 ýyl iş tejribämizde biziň uçarlarymyz mejbury gonuşlary amala aşyrmady, has agyr ýagdaýlar barada gürrüň etmegiň geregi ýok.

AVIAV TM (Cofrance SARL) sanlarda

  • 2007-nji ýyldan bäri hereket edýär.
  • 117 ýurtda wekilhanamyz bar.
  • 34 dilde gürleýäris.
  • 150 müň uçary bolan baza ygtyýarymyz bar.
  • Dünýäniň 6 künjeginde işleýäris.
  • 2017-nji ýylyň iş reýsleriniň lideri.
  • Gije-gündiziň 24 sagadynda ulgamda.
  • Dünýäniň 719 howa menzili bilen hyzmatdaşlyk edýäris.

Soraglaryňyz barmy? Onda olary beriberiň!

Hususy uçar gerekmi? Häziriň özünde buýruň!